744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Guwandyryjy görkezijiler aýdyň maksatlara atarýar
11.04.2024

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlaryny üstünlikli jemlemek bilen, mart aýynyň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki günlerde alyp barýan gündelik wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Edaranyň gazçylarynyň etrabyň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyş bolmak maksadynda ol ýerde bolanymyzda, bu zähmet köpçüliginiň işçi-hünärmenleriniň dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 1 müň kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 342 sanysyna ýokary derejede hyzmat edýändikleriniň şaýady bolduk. Gaz hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Bekdurdy Babaýewiň gürrüňlerine görä, edaranyň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde Boldumsaz şäherinde we etrabyň oba ýerlerinde ýaşaýan 13 müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmegine zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Işçi-hünärmenleriň bir ýüz otuza golaýynyň agzybirlikde zähmet çekýän edarasynda gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän näsazlygy habar beriş, hasaba alyş gullugynyň bolmagy gaz enjamlarynda we gaz ulgamlarynda ýüze çykmagy mümkin bolan näsazlyklaryň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde gullugyň işgärleri tarapyndan ilatdan gelýän sargytlaryň öz wagtynda hasaba alnyp, ýerlerde ýüze çykan näsazlyklaryň gullugyň ussasy Myrat Otuzbaýewiň ýolbaşçylygynda bejeriji-slesarlar Orunbaý Ýagşymyradow, Amangeldi Ýagmyrow we elektrik bilen kebşirleýji Gurbanmyrat Garlyýew dagy tarapyndan dessin çözgütler esasynda düzedilýändigini sargytlary kabul ediji dispetçer Akmyrat Ýazbaýew gürrüň berdi.

— Edaramyzyň gazçylary häzirki döwürde etrabyň tebigy gaz ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, öň bar bolan gaz geçirijileriň kuwwatyny artdyrmak we zerur ýerlerini abatlamak ugrunda hem möhüm işleri durmuşa geçirýärler. Bu işlerde aýratyn hem edaramyzyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrabymyzdaky şahamçasynyň agzalary bilen bilelikde ýerine ýetirýän işlerine maksada okgunlylyk häsiýetlidir. Bu gulluga halypa gazçylaryň biri bolan Guwanç Saryýew ýolbaşçylyk edýär. Gullugyň 50-den gowrak agzasy bolup, olaryň ählisi-de öz işiniň ussady — diýip, A.Ýazbaýew hoşallyk bilen aýdýar.

Edaranyň ýokarda ady agzalan gullugynyň agzalarynyň geçen döwürde durmuşa geçiren giň göwrümli işleriniň netijesinde etrabyň Guwanç Atamedow adyndaky geňeşliginiň Birleşik obasynda öň bar bolan gaz geçirijisiniň 1 müň 200 metr ýeriniň durky täzelenipdir. Ýene-de ýurdumyzda hereket edýän Prezident Maksatnamalaryna laýyklykda, täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda 10 ýyl Abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk we Täze zaman obalarynda emele gelýän täze maşgalalara uzynlygy 2 müň metre golaý bolan gaz eltiji ulgamlaryň çekilmegi bilen, şol ýerlerde ýaşaýan ilatyň tebigy gaza bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik döräpdir. Bu işlerde edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Orunbaý Saparbaýew, gaz bilen kebşirleýjisi Ýusup Paltaýew, bejeriji slesarlary Mämmet Kerimow, Allanazar Haýydow, Guwanç Orazmedow we Hemra Amanow dagy öz hünär ussatlyklaryny görkezmek bilen, alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.