Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan sanlylaşdyrma işleri ösüşiň täze tapgyryna badalga berýär. Ylym-bilim, döwrebap tehnologiýalar we innowasion çözgütler ykdysady kuwwaty ýokarlandyrýan esasy şertleriň biri hökmünde çykyş edýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we halkara tejribesini işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde ylym-bilim diplomatiýasyna, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we innowasion tehnologiýalary özleşdirmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim edaralarynyň sanly ulgamlar bilen üpjün edilmegi, täze tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Bu bolsa geljekde dürli pudaklarda, şol sanda nebitgaz toplumynda ýokary hünärli, bäsdeşlige ukyply işgärleriň kemala gelmegine ýardam edýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda täze mümkinçilikleri açdy. Resminamanyň çäginde maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, 5G tehnologiýasyny giňeltmek, emeli aň ulgamyny ösdürmek, elektron döwlet hyzmatlarynyň gerimini artdyrmak ýaly möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Nebitgaz pudagy hem häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan esasy ugurlarynyň biridir. Önümçilik proseslerinde awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň we döwrebap seljeriş usullarynyň ulanylmagy ýataklary netijeli özleşdirmäge, önümçiligiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we serişdeleri tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky özgertmeler ýurdumyzyň energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hyzmat edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli syýasaty hem bu işleriň möhüm bölegidir. Ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesini ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak we häzirki zaman hünärlerine taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bellenilişi ýaly, ýaşlar ýurdumyzyň kuwwatly güýji we nurana geljegidir.
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw maksatnamalarynyň, ylmy-amaly taýýarlygyň we tejribe sapaklarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa nebitgaz toplumy ýaly strategik pudaklar üçin täzeçil pikirlenmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga şert döredýär.
Sanlylaşdyrma, ylym-bilim we ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň möhüm binýadyny emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalara daýanýan ösüş ýoly ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hem geljekki üstünliklerini üpjün edýän esasy ugurlaryň biri bolup durýar.