6-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 5-nji dekabrda ýurdumyzda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri hem-de onuň netijeli işini gazanmakda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy barada belläp, öňde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny ýokary depginler bilen dowam etdirmek, toplumyň işinde sanly ulgamy kämilleşdirmek, gyş paslynda önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak we ony berk gözegçilikde saklamak, ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak, pudagyň işinde halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, kesgitlenen meýilnamalaýyn işleri guramaçylykly alyp barmagyň, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy, Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Wise-premýer Batyr Amanow ýygnananlara Täze ýyly önümçilik üstünlikleri bilen garşylamakda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli ýerine ýetirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.