Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek babatda öňde goýýan anyk wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Burawlaýjylarymyz şanly ýylymyzyň geçen döwründe önümli guýularyň jemi 9-synyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 24 müň 814 metr ýerasty çuňlukdan geçmegi başardylar.
Ýakynda müdirligiň buraw başlygy Döwletmyrat Gulamsöýünowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Nebitdag känindäki 965-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 2 müň 400 metr bolan bu guýynyň 2 müň 235 metr ýerasty çuňlugyndaky gyzyl reňkli gatlagyndan «gara altynyň» senagat akymy alyndy. Täze nebit guýusy tehniki sazlaýyş işlerinden soň, «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 50 tonna «gara altynyň» senagat akymyny berýär.
Mundan başga-da, Ezizgeldi Hangeldiýewiň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary hem Goturdepe ýatagyndaky 1 müň 847-nji guýynyň önümli gyzyl reňkli gatlagyna ýetmekde tutanýerli zähmet çekdiler. Netijede, bu guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 15 tonna «gara altyn» berýär. Munuň özi burawlaýjylaryň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgady boldy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti