744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Sanly tehnologiýalar - döwrebap mümkinçilikler
23.12.2025

Ýur­du­myz­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň mümkin­çi­lik­le­ri bi­lim, ka­nun­çy­lyk, şä­her­gur­lu­şyk, ulag, işe­wür­lik, söw­da we hyz­mat­lar ýa­ly ugur­lar­da ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry esa­syn­da, «Türk­me­nis­tan­da 2026 — 2028-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýasy­nyň» tas­syk­lan­ma­gy san­ly ul­ga­myň ga­zanan­la­ry­ny ulan­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn işle­riň do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň ny­şa­ny­dyr. Bu Kon­sep­si­ýa­nyň esa­sy mak­sa­dy ýur­du­myz­da san­ly inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mek, döw­let edara­la­ry­nyň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň ne­ti­je­li ös­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek, öň­de­ba­ry­jy önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny dola­ny­şy­ga we ka­nun­çy­ly­ga or­naş­dyr­mak ar­kaly bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Ykdysadyýetiň pudaklarynyň durnukly ösü­şi­ne we dur­muş ul­gam­la­ry­nyň kä­mil­leşme­gi­ne ýar­dam ed­ýän san­ly ul­ga­myň yzygi­der­li or­naş­dy­ryl­ma­gy «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­synda» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, yk­dy­sa­dy we önüm­çi­lik işi­niň esa­sy gör­nüş­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dyr­ma­ga, merkezleşdirilen dolandyryş işiniň netijeliligi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti