744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara göçme forumy
24.04.2024

Pariž şäheri 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde nobatdaky Türkmen Energetika Maýa goýum Forumy (TEIF) kabul eder. “Türkmennebit” we “Türkmengaz” Döwlet Konsernleri, şeýle hem Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Forumyň esasy guramaçylary bolup çykyş edýär.

Bu çäräniň maksady – Türkmenistanyň energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk we maliýe pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmek we energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebitleýin gepleşiklerini pugtalandyrmakdyr. TEIF 2024 Türkmenistanda we tutuş sebitde nebit-gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalary, şeýle hem hünärmenleri bile jemlär. Döwlet maýadarlara dünýäniň iň uly gury ýer ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” ýatagyny özleşdirmekden başlap, gün we ýel energetikasynyň netijeli ösmegi üçin amatly tebigy we howa şertlerine çenli giň iş meýdançasyny hödürläp biler. Biziň çeşmelerimizi we şertlerimizi açýan mümkinçilikler Pariž şäherinde geçiriljek TEIF 2024 maslahatynyň üns merkezinde bolar. Onuň dowamynda, öňdebaryjy milli energetika kompaniýalar baý çeşmelere göni daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň gözlärler we tiz depginler bilen ösýän Türkmenistanyň energetika pudagynda nebiti we gazy gözläp tapmak, gazyp almak we gaýtadan işlemek mümkinçiliklerine serederler.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Dubaýda geçirilen COP28 klimat maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanyň Ählumumy Metan borçnamasyna goşulýandygyny we bu borçnamadan gelip çykýan şertleriň amaly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen hereket edýän taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar we hyzmatdaş-döwletler bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini yglan etdi. TEIF 2024-iň çäginde metanyň we beýleki ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn sessiýa bagyşlanar.

Türkmenistan - Aziýanyň nebit we gaz bazarynda iň uly oýunçylaryň biridir. Ýurduň uglewodorod baýlyklary 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine bahalandyrylýar, bu bolsa 20 milliard tonnadan gowrak nebit we 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gazyna deňdir. Bu sanlary hasaba alyp, häzirki wagtda Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iň iri müşderisidir. Türkmenistan Merkezi Aziýa gaz geçiriji ulgamynyň üç liniýasynyň (A, B we C) üsti bilen Hytaýy 30 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz bilen üpjün edýär we dördünji liniýa tamamlanandan soň, her ýyl türkmen tebigy gazynyň üpjünçilik mukdary şertnama laýyklykda 65 milliard kub metre ýeter. Şeýle hem, Türkmenistan Azerbeýjana, Eýrana we Russiýa gaz üpjün edýär.

Türkmenistan we TOPH gatnaşyjy-ýurtlar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meýilini saklaýarlar. 1,853 km uzynlygy bolan gaz geçiriji Türkmenistandaky ägirt uly “Galkynyş” gaz ýatagyndan Owganystandaky üç sany saýlap alma nokatlaryna, Pakistanda üç sany saýlap alma nokatlaryna we Hindistanyň bazaryna üpjün etmek üçin Pakistan-Hindistan serhedindäki iň soňky saýlap alma nokadyna 33 milliard kub metre çenli tebigy gazy üpjün eder. Türkmenistan gaýtadan işleýän energetika pudagyna hem işjeň ösdürýär. Abu Dabi Ösüş Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilen Altyn Asyr kölüniň golaýynda 2023-nji ýylda gurlan kuwwaty 10 megwatta garyşyk gün-ýel elektrik zawodynyň gurluşygy muňa aýdyň mysal bolup durýar.

CNPC, Dragon Oil, Petronas, Mitro we ENI ýaly öňdebaryjy halkara nebit-gaz kompaniýalary Balkan we Lebap welaýatlaryndaky şertnamalaýyn deňiz we kenarýaka territoriýalarynda nebiti we gazy özleşdirýärler. Günbatar Çelekende ýerleşýän №21 we 23 kenarýaka bloklaryna maýa goýumlary çekmek, ýetişen ýataklarda gazyp almagy optimizirlemek we gaz gorlary boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýän ägir uly “Galkynyş” gaz käniniň mundan beýläk özleşdirilmek ýaly meseleler bu ýylky maslahatyň üns merkezinde bolar.

Turbe geçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmek bilen bir hatarda häzirki wagtda Türkmenistan geljekde ýurduň ykdysadyýetinde agdyklyk edip biljek uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemäge bil baglaýar. Soňky ýyllarda dünýä bazarlarynda uly hyrydarlygy bolan ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürmek üçin birnäçe gazhimiýa toplumlar işe girizildi we ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň nebit-gaz toplumy tarapyndan tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän strategiki taslamalarynyň arasynda Türkmenbaşy we Seýdi nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny gaýtadan dikeltmek bar.

Häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýum bukjalaryny taýýarlamakda «Türkmennebit» Döwlet konsernine ýardam berýar. TEIF 2024-iň maksatnamasyna şu mowzuklar boýunça mejlisler girer: «Bütindünýä energiýanyň geljeginde Türkmenistanyň orny», «Energetiki geçiş şertlerinde tebigy gazy ösdürmegiň mümkinçilikleri», «Uglewodorodlar gazylyp alnanda metan we kömürturşy gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we alternatiw energiýa çeşmeleri», «Energetiki geçiş üçin çig mal harytlary: täze ugurlar we maýa goýum mümkinçilikleri», «Arassa energiýa we döwrebap infrastruktura pudaklarynda taslamalary öňe sürmekde maliýe institutlarynyň orny», «Gurluşyk, gazhimiýa, ulag we aragatnaşyk ugurlarynda Türkmenistanyň täze taslamalaryna maýa goýumlary çekmek amallaryny tizleşdirmek».

Uzak möhletli daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ýurtda oňaýly maýa goýum şertlerini we maýa goýumlaryň ygtybarly kanuny goragynyň we olary yzyna gaýtarmagyň döwlet kepilliklerini döretmäge gönükdirilen “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Walýuta kadalaşdyrylyşy hakynda”, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” we “Maýa goýum işi hakynda” Türkmenistanyň kanunlary Türkmenistanda berk hukuk binýadyny döretmegiň esasy nukdaýnazary bolup çykyş edýär. Ýurtdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýlar, şeýle hem ygtybarly kanunçylyk binýady we döwlet kepillikleri daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň ösüp barýan özüne çekijiliginiň esasy faktorlarynyň arasynda dur.