«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Aýratyn hem, medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajyguýy, Damla, Kyrkguýy, Gamyşly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilaty müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşal. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşynda duran döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdylýan hoşallyk sözleri welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagynda bolan Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk», Köneürgenç etrabyndaky «Maldarçylyk» hem-de Görogly etrabynda bar bolan «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda bolanyňda-da her pursatda eşitmek bolýar.
— Garagum sährasyndaky adamlary suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek biziň jana-jan borjumyz. Biziň gaz dolduryjy bekedimiziň hyzmatyndan Garagum sährasynyň Mürzeçyrla, Akmolla, Böwrüdeşik, Kyrkguýy, Damla, Sözenli, Ataguýy, Yslam, Gyzyljaburun, Baleýşem, Göbe, Ýekeje hem-de Sarygamyş kölüniň eteklerinde Akböwet we Döwkesen ýaly bol otly öri meýdanlarynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwalarymyz hem peýdalanyp gelýärler. Ynha, görşüňiz ýaly, bekedimiz gaz dolduryjy, gaz ballonlaryny barlaýjy we abatlaýjy bölümlerden ybarat bolup, ol ýerde gaz ballonlary dolduryjylar Amandurdy Gylyçdurdyýew, Gurbandurdy Gurbandurdyýew, gaz ballonlary barlamak we bejermek boýunça slesarlar Begenç Saparow hem-de Amandurdy Gummanow dagy göreldeli zähmet çekýär. Olar bu ýerde näsazlyk tapan gaz enjamlaryny abatlamak bilen birlikde, ýörite gaplarda suwuklandyrylan gazyň talabalaýyk derejede bolmagyna hem gözegçilik edýärler. Bekedimiziň işgärleriniň aglaba bölegi baý iş tejribesine eýe bolan hünärmenler. Bu ýerde suwuk «mawy ýangyçdan» doldurylan gaz ballonlary ýöriteleşdirilen awtoulaglara ýüklenilenden soňra degişli hünärmenleriň ýolbeletliginde uzak örülerdäki çopan goşlaryna ugradylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde «Ruhubelentetrapgaz» gaz hojalyk edarasyna degişli «KAMAZ» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaga erk edýän Atamyrat Nurjanow hem-de «Göroglyetrapgazdan» şeýle görnüşli awtoulagyň sürüjisi Myrat Şajykow dagy has ussatlyk görkezýärler. Şonuň üçin olaryň hyzmatyndan Garagum sährasynda we Was ýaýlasyna hem-de Şasenem düzlügine golaý ýerlerde maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilaty diýseň hoşal — diýip, Daşoguz şäherindäki gaz dolduryjy bekediň uly ussasy Begenç Mätiýew gündelik alyp barýan işleri barasynda buýsanç bilen gürrüň berýär.