744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitçileriniň asylly işleri
07.04.2026

«Türkmennebit» döwlet konserni esasy önümçilik ugry bilen birlikde, nebit işlerini alyp barýan potratçy kompaniýalaryň işlerine hem gözegçiligi amala aşyrýar. Häzirki wagtda Singapuryň «Ýug Neftegaz» kompaniýasy, Russiýa Federasiýasynyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti, Hytaýyň Nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy (SINOPEC) tarapyndan konserniň nebitgaz ýataklarynda, türkmen hünärmenleri bilen bilelikde, nebit guýularyny düýpli abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de «Çeleken» şertnamalaýyn çägi boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy, «Toplum-I» şertnamalaýyn çägi boýunça Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» we BAE-niň «ADNOC Turkmenistan RSC Limited» kompaniýalary, «Nebitdag» şertnamalaýyn çägi boýunça Italiýa Respublikasynyň «Eni Turkmenistan Limited.» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda, 2017-nji ýylda Günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde ýerleşýän Uzynada meýdançasynda Türkmenistanda ilkinji gezek taslama çuňlugy 7 müň 150 metr bolan gözleg guýusynyň özleşdirilendigini aýratyn ýatlap geçmek bolar. Çünki bu ýerden senagat derejeli gazyň, nebit kondensatynyň uly akymy alyndy. Bu ýagdaý şol döwürden başlap bu ýerde guýularyň onlarçasynyň gazylyp, häzirki wagtda senagat derejesinde özleşdirilmegi Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň ägirt uly mümkinçiliklerine şaýatlyk etdi.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti