Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn öwrenmek we ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary düzmek» bölüminiň «Galkynyş» gaz känini işläp geçmek we halkara gaz geçirijileri» barlaghanasyna ýolbaşçylyk edýän tehniki ylymlaryň doktory Irina Iliniçna Lurýewanyň alyp barýan işleri aýdylanlara mysaldyr.
Häzir Irina Iliniçnanyň ylmy barlaglary we işläp düzmeleri tebigy gazy çykarmagyň we ugratmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Pudagy ösdürmäge goşandy üçin ol döwlet sylagy — «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medala hem-de «Zähmet weterany» diýen hormatly ada eýe boldy.
Türkmenistanda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda biz Irina LURÝEWA bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdik.
— Irina Iliniçna, nebitgaz pudagyna gelşiňiz, bu çylşyrymly hünäri saýlap alşyňyz barada gürrüň beräýseňiz!
— Men bu hünäri düşünmek bilen seçip aldym, çünki tehniki ylymlara bolan gyzyklanma mende baryp mekdep ýyllarynda döräpdi. Men himiýa, fizika we matematika sapaklaryny gowy görýärdim. Bu sapaklar maňa dünýäniň gurluşyna has çuňňur düşünmegime mümkinçilik berýärdi. Şol ýyllarda men Kiçi ylymlar akademiýasynyň himiýa bölümine gatnapdym, şeýle hem Ýaş tehnikleriň stansiýasynda bilim alypdym.
Orta mekdebi altyn medal bilen tamamlanymdan soň, ozalky Türkmen politehniki institutynda nebitli we gazly ýataklary işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy we toplumlaýyn mehanizasiýasy hünäri boýunça okuwa kabul edişligiň geçirilýändigini eşitdim. Senagatda bu hünäre uly isleg bildirilýändigi baradaky täzelik meniň meýilnamalarymy kesgitlemekde aýgytlaýjy orny eýeledi. Men bu ugurda kämilleşmek barada kesgitli pikir bilen şu hünär boýunça instituta girdim. Eýýäm talyplyk ýyllarynda dogry hereket edenligime düşündim, sebäbi nebitgaz pudagy çylşyrymly, emma örän gyzykly ugur bolup, ol çuňňur bilimleri, tutanýerliligi we çylşyrymly çözgütleri tapmak başarnygyny talap edýär.
— Tutuş ömrüňizi baglan hünäriňizde ilkinji ädimleriňiz nähili başlandy?
— Okuwyň soňky ýyllarynda men kafedrada laborant bolup işe başladym, ol ýerde ilkinji gezek ylmy işe gatnaşdym. Men kafedrada görnükli alymlar we mugallymlar — tehniki ylymlaryň doktory, dosent Aman Nepesowiç Myradow, dosentler Maýagül Orazowna Gafurowa we Berdi Nyýazowiç Nurmämmedow bilen tanyşdym, olar bu ugurda çuňňur bilimlere eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, öz göreldeleri bilen ruhlandyrmagy başarýardylar. Olaryň tejribesi we gymmatly maslahatlary meniň üçin uzak ýyllaryň dowamynda nusga boldy. Hut şonda döräp başlan pikirler meniň ilkinji oýlap tapyşlarymyň esasyny düzdi.
1988-nji ýylda instituty tapawutlanan bahalar bilen tamamlanymdan soň, men ýokary okuw mekdepde mugallym bolup galmak hormatyna eýe boldum hem-de nebitgaz pudagy üçin ýaş hünärmenleri okatmaga we taýýarlamaga 18 ýyly bagyş etdim. Şol ýyllar meniň üçin möhüm tapgyr boldy: men talyplara diňe bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, ylmy işlerimi hem dowam etdirdim. Şol ýyllar meniň üçin hem mugallym, hem halypa hökmünde kemala gelmegimde uly orun eýeledi. Men okadan talyplarymyň köpüsiniň öz işleriniň ussatlary, akylly-paýhasly, işbaşarjaň ýolbaşçylar bolup ýetişendigine diýseň buýsanýaryn, olaryň käbiri bolsa, meniň ylmy pikirlerimi ösdürmegi dowam edýärler.
— Irina Iliniçna, Nebit we gaz institutynyň uly ylmy işgäri wezipesine dalaş etmek ugrunda 2006-njy ýylda geçirilen bäsleşige gatnaşmaga näme höwes döretdi?
— 2006-njy ýylda men öz bilimlerimi we tejribämi has giň ylmy giňişlikde ulanmak kararyna geldim. «Türkmengaz» DK-nyň Nebit we gaz institutynda (häzir Ylmy-barlag tebigy gaz instituty) geçirilen bäsleşik demirgazyk-gündogar Türkmenistanyň gazly we gazkondensatly ýataklaryny işläp taýýarlamagyň gyzykly dünýäsine aralaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýokary hünär derejeli işgärler bilen işlemek we ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge goşant goşmak mümkinçiligi meni diýseň ruhlandyrdy. Zehinli kärdeşleriň arasyna gelip hem-de gymmatly tejribe toplap, men öz bilimlerimi çuňlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, pudagyň möhüm wezipelerini çözmekde öz mümkinçiliklerimi amala aşyrmagy hem başardym.
— Şeýlelikde, 2019-njy ýylda durmuşyňyzda täze sahypa açyldy...
— Hawa. 2019-njy ýylda meniň durmuşym düýbünden üýtgedi. Maňa dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp geçmegi ylmy işler bilen utgaşykly alyp barmagy ynandylar. Bu tejribe meniň üçin diňe bir hünär taýdan öňe gitmegime itergi däl-de, eýsem, ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ösdürmäge öz goşandymy goşmak mümkinçiligi boldy.
Şu ýyl «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda işläp başlanyma 18 ýyl doldy. 1992-nji ýylda ozalky Türkmen politehniki institutynyň nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek we ulanmak kafedrasynyň mugallymy we ylmy temanyň jogapkär ýerine ýetirijisi bolanymda, men kandidatlyk dissertasiýasyny goradym, şol wagt Türkmenistanda tehniki ylymlaryň iň ýaş kandidaty boldum, 2022-nji ýylda bolsa, eýýäm YBTGI-niň işgäri wagtym men öz hünärim boýunça ýeke-täk zenan — tehniki ylymlaryň doktory boldum. Şeýlelikde, meniň zähmet ýolumyň iki sany möhüm tapgyry dowamlylygy boýunça birmeňzeş iki döwri emele getirdi, olaryň her biri ömrümiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Maňa hemişe goldaw beren maşgalama, kärdeşlerime we halypalaryma çäksiz hoşallygymy beýan etmek isleýärin.
— Irina Iliniçna, häzir «Galkynyş» gaz käni dünýäniň energetika giňişliginde uly gyzyklanma döredýär. Bu ägirt uly gaz känini işläp taýýarlamagyň häzirki tapgyry barada giňişleýinräk aýdaýsaňyz!
— Dogrudan-da, «Galkynyş» gaz käni diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin hem strategik taýdan möhüm çeşmedir. Bilşimiz ýaly, bu taslama bolan gyzyklanma yzygiderli artýar. «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň çaklamasy ýatagyň 7 tapgyrda özleşdirilmegini göz öňünde tutýar.
«Galkynyş» gaz käniniň täsinligi gazyň gorlarynyň uly möçberinde, gaz ýataklarynyň örän uly çuňlukda ýerleşmeginde, onuň turşy düzümleriniň ýokary bolmagynda we çylşyrymly geologik şertlerinde jemlenýär. Gäz känini netijeli işläp taýýarlamak üçin biz innowasion tehnologiýalaryň toplumyny, şol sanda uly çuňlukdaky guýulary burawlamak, ýokary dünýä standartlaryna laýyk gelýän gazy toplamak we taýýarlamak ulgamlaryny ulanýarys. Ekologiýa howpsuzlygy we tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde gazy çykarmagyň ýokary görkezijilerini gazanmak we gazyň dünýä bazaryna durnukly iberilmegini üpjün etmek başartdy.
— «Galkynyş» gaz känini geljekde özleşdirmegiň mümkinçilikleri nähili?
— Häzirki wagtda «Galkynyş» gaz käniniň synag-senagat birinji tapgyry alnyp barylýar. Ýakyn ýyllarda biz özleşdirmegiň ikinji, üçünji we dördünji tapgyrlaryna geçilmegi netijesinde gazyň çykarylyşynyň düýpli ýokarlanmagyna garaşýarys. Şol tapgyrlary amala aşyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalary işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.
Tehnologiýa işlerini amatlaşdyrmak işimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biz kükürdi we kömürturşy gazyny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýäris, ol gazy çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawa ýaramaz täsiri peseltmäge ýardam eder.
Gaz känini tapgyrma-tapgyr özleşdirmegiň maksatnamasy maýa goýum akymlaryny çeýe dolandyrmaga hem-de täze tapgyrlara geçilende toplanan tejribäni nazara almaga mümkinçilik berýär. Geljekde gazyň bir ýylda çykarylyşyny 200 milliard kub metre golaý ýetirmek meýilleşdirilýär.
— Irina Iliniçna, siziň Derweze gaz ojagy boýunça çykyşlaryňyz habar beriş serişdelerinde giň jemgyýetçilik seslenmesini döretdi. Bu tema ýurdumyzda, şeýle hem daşary döwletlerde döreýän uly gyzyklanmanyň sebäbini näme bilen düşündirýärsiňiz?
— Hakykatdan-da, Derweze gaz ojagyna bolan gyzyklanma örän uly, sebäbi bu hadysanyň tebigatyny hemme kişi bilmeýär. Aşgabatdan takmynan 270 kilometr uzaklykda Çaljulba gurluşynda 1963-nji ýylda çuňlugy uly bolmadyk gözleg guýusyny burawlamagyň barşynda gaz akymy başlanýar, gazdan doly giňişlik emele gelýär, onuň üstüne ýeriň ýokarky gatlaklary çökýär. Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gaz bilen zäherlenmeginiň öňüni almak üçin ojagy otlaýarlar.
Şeýlelikde, tebigy gazyň ýatagynda diametri 60 metr we çuňlugy 20 metre golaý bolan çöketlige meňzeş ojak emele gelýär.
Bu ýerde gazyň birnäçe günüň dowamynda ýanyp gutarmagy ýa-da beýleki gatlaklarda bolşy ýaly, ýer gatlagyny suwuň basmagy çaklanypdy, emma ol häzire çenli ýanyp dur. Gaz ojagynyň ýanyp durmagy ekologiýa ýaramaz täsirini ýetirýär, şeýle hem uly girdeji getirip biljek tebigy gazyň ýitmegi dowam edýär. Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna bu meseläni çözmäge alymlary çekmek tabşyryldy. Biziň institutymyzda düzülen taslama boýunça ýanýan ojagyň golaýynda täze guýy burawlandy, çäreleriň biri hökmünde bir gözegçilik guýusy ulanyş gaznasyna geçirildi we petiklenen guýularyň ýene-de ikisini açmaga taýýarlyk görülýär. Gazyň güýçlendirip alynmagy gazyň howa zyňylýan mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.
— Halypalyk eden şägirtleriňiz barada gürrüň beräýseňiz!
— Bilim we tejribe bermek hemişe islendik alymyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip hasapladym. Mugallymçylyk we ylmy işler bilen meşgullanan ýyllarymda 100-den gowrak talybyň we magistrantlaryň diplom işleriniň ýolbaşçysy boldum. Men Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde diplom taslamalaryny goramak boýunça döwlet toparynyň işine gatnaşmagy dowam edýärin, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Ekspert geňeşiniň agzasy bolup durýaryn. Ýaş, zehinli we maksada okgunly adamlar bilen işlemek — bu şol bir wagtda hem ylham, hem uly jogapkärçilik bolup durýar.
Meniň ýolbaşçylygymda alymlaryň dördüsi kandidatlyk işlerini üstünlikli goradylar, ylmy işleriň birnäçesi tamamlandy we Ylymlar akademiýasyna tabşyryldy. Häzir öz dissertasiýalarynyň üstünde işlemegi dowam edýän aspirantlarym we bir doktorant bar.
Şägirtlerimiň maksatlaryna ýetip, hünär ussatlary bolmagyny, täze taglymlary işläp taýýarlamagyny we öz taslamalaryny amala aşyrmagyny görmek uly şatlyga we buýsanja besleýär. Olaryň köpüsi nebitgaz pudagynda işlemegi dowam edip, onuň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar, täze tehnologiýalary döredýärler, ylmy barlaglar bilen işjeň meşgullanýarlar. Bu meniň işime goşmaça many-mazmun çaýýar hem-de toplanan tejribäniň we bilimleriň ýene uzak ýyllaryň dowamynda ylmyň, jemgyýetiň bähbidine hyzmat etjekdigine bolan ynamy pugtalandyrýar.
— Irina Iliniçna, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Sizi ýetip gelýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen gutlaýaryn! Redaksiýanyň hem-de ähli okyjylaryň adyndan size Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly baştutanlygynda nebitgaz pudagyny ösdürmäge gönükdirilen işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, asylly işiňiz şatlyk we ruhy lezzet bersin, ähli başlangyçlaryňyz bolsa, üstünliklere beslensin!
— Hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge gönükdirilen ýadawsyz aladalary we goldawlary üçin çuňňur hoşallygymy we tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklary barada edýän aladalary, öňdengörüjilikli çözgütleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ähmiýeti uly bolan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.