744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary
15.03.2024

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.

Müdirligiň gaz akdyryjylary şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň iri uglewodorod serişdelerine baý bolan Döwletabat gaz käninden gelýän tebigy gazy gaýry himiki düzümlerden arassalap, halkara hil derejesinde daşary bazara çykarmakda-da öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Munuň şeýledigini müdirligiň bir çeti Mary welaýatyndan başlanyp, Garagum sährasynyň üsti bilen tä Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde, taryhy Bötendag belentliginde ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasyna çenli uzaýan «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrundaky edara-kärhanalaryň islendiginde bolanyňda-da, has aýdyň duýmak bolýar. Häzirki döwürde bu zähmet köpçüliklerinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaz gysyjy, gaz akdyryjy we hil gözegçiligini amala aşyrýan döwrebap desgalarda ruhubelent zähmet çekýän işçi-hünärmenler tebigy gazyň ähli talaplara laýyk bolmagy, gymmatly «mawy ýangyjyň» üznüksiz akdyrylmagy ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Şeýle ruhubelent zähmet galkynyşy müdirligiň Awtoulaglar kärhanasynyň agzybir işgärleri üçin hem häsiýetlidir. Munuň şeýledigine kärhananyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça inženeri, ýaş hünärmen Jemal Atamyradowa bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.

— Şu ýylymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň meşhur şygryndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy külli türkmen halky bilen birlikde, biziň müdirligimiziň işgärleriniň hem buýsanjyny beýgelden waka öwrüldi. Kärhanamyzda wahtalaýyn usulda işleýän gazçylary daşaýan döwrebap awtoulaglardan başlap, tirkegli turba çekiji kuwwatly awtoulaglaryň, ýük göteriji awtokranlardyr ýüküni özi düşürýän «MAZ», «KAMAZ» we «Ural» kysymly awtoulaglaryň onlarçasy bolup, olara Saparmyrat Saparow, Sadulla Täjimuradow, Suhrat Reýimbaýew ýaly halypa sürüjiler bilen bir hatarda, Dädebaý Gökiýew we Gurbandurdy Halbaýew ýaly kämillige gol berýän ýaş sürüjilerimiz hem ussatlyk bilen erk edýärler. Edaramyzda önümçilik-tehniki gullugynyň mehanigi Begnazar Kazakow ýaly hünärmenleriň irginsiz aladalary netijesinde, awtoulaglaryň tehniki guratlyk ýagdaýlary gözden geçirilip durulýar. Munuň özi ýolagçylaryň hem-de dürli maksatly ýükleriň öz wagtynda daşalmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem edaramyzda öz işiniň ussady bolan abatlaýjy ussalardyr slesarlar agzybirlikde zähmet çekmek bilen, her bir iş gününiň ýokary netijelere beslenmegini gazanýarlar.

Müdirligimiziň «Çöllük», «Garagum» ýaly önümçilik edaralary Garagum sährasynyň goýnunda ýerleşýär. Şonuň üçin şol ýerlerde zähmet çekýän gazçylara hyzmat etmekde sürüjilerimiz ymgyr sähranyň üsti bilen uzak menzilleri aşmaly bolýarlar. Munuň özi bolsa hereketlendirijisi güýçlendirilen ýöriteleşdirilen awtoulaglara erk edýän sürüjilerden ýokary ussatlygy talap edýär. Şu nukdaýnazardan ýaş sürüjiler ilkibaşda halypa sürüjiler bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklarynda bolýarlar. Edaramyzda bar bolan ähli ulaglar zerur bolan saglyk bukjalary hem-de ýangyn söndüriji enjamlar bilen doly üpjün bolup, olar hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanýar. GahrymanArkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem her bir zähmet adamsynyň howpsuz we amatly iş şertlerinde işlemegi ugrunda uly aladalary edýär — diýip, Jemal Atamyradowa hoşallyk bilen aýdýar.