744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Üstünlige saldamly goşant goşýarlar
18.02.2025

Gazçylaryň şäheri bolan Gazojakda ýerleşýän bu kärhananyň giň derwezesi gije-gündiziň islendik wagtynda açyk bolýar. Munuň özi bu ýerde zähmet çekýän adamlaryň işleriniň aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulaglar kärhanasynyň işgärleri Lebap welaýatynyň dürli ýerlerinde ýerleşýän köp sanly gaz känlerine zerur ýükleri daşaýarlar, işgärleri gatnadýarlar, ýer-gazuw işlerini ýerine ýetirýärler.

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumynyň işine ýakyndan üns berýär we öňümizde möhüm wezipeleri goýýar. Olary üstünlikli berjaý etmek işine kärhanamyzyň işgärleri hem agzybirlik bilen gatnaşýarlar. Munuň üçin tehnikalaryň netijeli işledilmegi gazanylýar. Kärhanamyzyň tutanýerli işgärleri her bir tabşyrygyň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanýarlar — diýip, Gurbangeldi Bekiýew gürrüň berýär.

Biziň söhbetdeşimiz bu kärhananyň öz hatarynda agzalaryň 530-dan gowragyny jemleýän kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Iri jemgyýetçilik guramasynyň başlygy agzalaryny ösüşleriň täze belentliklerini eýelemäge ruhlandyrýar. Şonda olary ýokary öndürijilikli zähmet çekmäge höweslendirmek, olara maddy taýdan hemaýat bermek, iş ýerlerinde zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak ýaly möhüm meseleler hem gündelik üns merkezinde saklanylýar. Guramanyň başlygy şeýle-de bu işleriň kärhananyň ýolbaşçylygy bilen bilelikde alnyp barylýandygyny, şeýle çemeleşmäniň bolsa ahyrky netijäniň ýokary bolmagyna uly ýardam berýändigini kanagatlanma bilen nygtaýar.

— Kärhanamyzda dürli kysymly tehnikalaryň 320-den gowragy bolup, olaryň abat we bökdençsiz işledilmegini üpjün edýäris. Sürüjilerimiz özlerine ynanylýan tehnikalara eýeçilik gözi bilen garaýarlar. Ulaglara wagtly-wagtynda tehniki hyzmatlar edilip durulýar. Ulaglarda näsazlyk ýüze çykan halatynda bolsa, sürüjilere ýokary hünärli abatlaýjylarymyz kömege gelýärler. Bizde zerur gurallardyr enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap ussahana bar. Şeýle-de ulaglarymyzyň üsti täze tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilip durulýar — diýip, kärhananyň baş inženeri Orazberdi Nepesow alnyp barylýan işler barada gürrüň berýär.

Bu kärhanada hormatly Prezidentimiziň tagallalary arkaly satyn alnan ygtybarly we kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy jemlenen. Başarnykly erk edilende, olar özleriniň uly peýdasyny-da berýärler. Şeýle ulaglary ussatlyk bilen dolandyrýan adamlaryň yhlasly zähmeti arkaly möhüm ýükler degişli ýerine bökdençsiz eltilýär. Möhüm tabşyryklary bökdençsiz ýerine ýetirýänleriň hatarynda Täçmät Dosyýew, Döwran Berdinýazow, Kamiljan Döwletbaýew, Agabek Madaminow ýaly sürüjileriň atlary hormat bilen agzalýar.

Ýokarda baş inžener kärhananyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny-da belläpdi. Munuň şeýledigine kärhana birki ýyllykda gum itekleýjileriň 4-siniň, ýer gazyjylaryň 2-siniň gelip gowşandygy aýdyň şaýatlyk edýär. Olara Denis Moor, Setdar Nepesow, Rahman Saparow ýaly mehanizatorlar başarjaňlyk bilen erk edýärler.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».