744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Gaz üpjünçiligi gowulanýar
18.03.2024

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary etrabyň hojalyklaryny tebigy gazyň ýeterlik möçberi bilen üpjün etmek üçin öz işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk derejede guraýarlar. Etrabyň çägindäki umumy uzynlygy bir müň bir ýüz segsen bir kilometr bolan ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijilere, şeýle hem beýleki gaz enjamlaryna göwnejaý ideg edilmegi gazçylara ilaty «mawy ýangyç» bilen ýeterlik möçberde üpjün etmeklige şert döredýär.

Elbetde, etrabyň hojalyklarynyň otuz dört müň sekiz ýüz on dördüsiniň tebigy gazyň eşretinden peýdalanmagy üçin edaranyň hünärmenleridir işçileri, bellenilen meýilnama laýyklykda, möhüm iş çärelerini geçirýärler.

Milli maksatnama laýyklykda, etrabyň obalaryndaky täze mellek ýerlerinde dörän ilatly ýerleri gazlaşdyrmak gazçylaryň alyp barýan işleriniň esasy bölegini tutýar. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýylda etrap boýunça alty müň üç ýüz metr uzynlykdaky orta basyşly gaz geçirijilerini gurup ulanmaga berdiler. Şonuň netijesinde, Sakarçäge şäherinde, etrabyň Garaýap, Ýalkym geňeşliginiň Soltanyz, Çaşgyn geňeşliginiň Çaşgyn obalaryndaky täze mellek ýerlerinde dörän ilatly ýerler gazlaşdyryldy. Şol ilatly ýerleriň ikisinde gaz sazlaýjy desgalar gurnalyp işe girizildi.

Geçen ýyl edaranyň gazçylarynyň tagallasy bilen, etrabyň çäginde ozaldan bar bolan gaz geçirijileriň dokuz ýüz metrinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Etrabyň Hojadepe, Gyzylgum we beýleki geňeşlikleriniň çägindäki ozalky ulanylýan göwrümi kiçi diametrli turbalara derek göwrümi uly diametrli turbalar gurnaldy. Munuň özi olaryň gaz geçirijiliginiň ýokarlanmagyna hem-de ilatyň gaz üpjünçiliginiň gowulanmagyna ýardam berdi.

Şu ýyl etrapda Milli maksatnama boýunça uzynlygy dokuz müň metr bolan gaz geçirijilerini gurmak, etrabyň käbir geňeşlikleriniň obalarynda ozalky hereket edýän gaz geçirijilerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzir edaranyň işgärleri şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmeklige işjeň girişdiler. «Marygazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan gaz geçirijilerini gurmakda gerekli turbalaryň, beýleki gaz gurluşyk önümleriniň bökdençsiz üpjün edilmegi işleri ýokary depginde alyp barmaklyga ýardam berýär.

— Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada taýsyz tagallalar edýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzy tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini hem möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.

Bizem etrabymyzyň ilatyny «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda ygtybarly üpjün etmek üçin işlerimizi bellenilen meýilnama laýyklykda alyp barýarys.

Edaramyzyň işgärleri etrabymyzdaky gaz paýlaýjy desgalaryň elli birisinde, gaz sazlaýjy enjamlaryň üç ýüz kyrk üçüsinde wagtly-wagtynda bejeriş, sazlaýyş işlerini geçirip durýarlar. Munuň özi tebigy gazyň geçirijiler arkaly kadaly akdyrylmagyna şert döredýär.

Zähmet toparymyzda tejribeli hünärmenleriň, işçileriň ençemesi bolup, olar umumy işimiziň öňe gitmegine, ilata edilýän hyzmatyň barha gowulanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Edaramyzyň daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesarlary Baýsähet Durdyýew, Wepa Rejebow, Berdimyrat Çaryýew, Mergen Jumalyýew, içeri öý gullugynyň slesary Maksat Ýazdurdyýew, slesar abatlaýjy Ýagşy Berdiýew dagy halypa işgärlerimizdir. Olar ýaşlara-da öz tejribesini öwredip, halypalyk goldawyny berýärler — diýip, «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Arslan Akweliýew gürrüň berýär.