«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmenleridir işçileri «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynyň buýurmalary esasynda nebitgaz ýataklaryndaky guýularda geofiziki işleri alyp barýarlar.
Döwletimiz tarapyndan yzygiderli alnyp berilýän täze tehnologiýaly geofiziki enjamlar, ýöriteleşdirilen awtoulaglar, geofiziki kabeller kärhananyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, guýularyň tehniki ýagdaýyna, geologiýasyna gözegçilik etmek işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
2023-nji ýylyň önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý eden geofizikler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda buýrujy edaralardan gelen sargytlar esasynda nebitgaz guýularynda geofiziki işleri geçirýärler.
Kärhananyň geofizikleri döwletimiziň dürli künjeklerindäki nebitgaz känlerindäki guýularda geofiziki barlaglary alyp barýarlar. Onda toplumlaýyn karotaž partiýalarynyň sekizisi bolup, şolaryň üçüsi burawlanýan guýularda, bäşisi bolsa önüm berýän guýularda geofiziki barlag we atyş-partlaýyş işlerini ýerine ýetirýärler. Bu ýerde geologiýa tehnologiýa gözlegler toparlarynyň hem sekizisi hereket edýär.
Geçen ýylda kärhana täze tehnologiýaly geofiziki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen«KAMAZ» awtoulaglarynyň ikisiniň, geofiziki kabelleriň gelip gowşandygyny aýtmak gerek. Munuň özi kärhananyň işgärlerine önümçiligi giňeltmäge hem-de ýerine ýetirilýän geofiziki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
2023-nji ýylda kärhananyň hünärmenleri, işçileri «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň iş buýrujy kärhanalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda olaryň nebitgaz guýularynda degişli geofiziki işleri ýerine ýetirdiler.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada nebitgaz ýataklaryndaky guýularda geçirilen geofiziki hem-de atyş-partlaýyş işleri özüniň ýokary netijesini berdi. Nebitgaz bermesini azaldan şol guýularyň önüm berijiligi ýokarlandy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili we beýleki ulanyş guýularynda geofizikler tarapyndan geçirilen atyş-partlaýyş işleri hem netijeli häsiýete eýe boldy.
— Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynda önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy, dünýä ölçegleriniň derejesine çykarylmagy üçin pudagyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleriniň, işçileriniň hünäriniň birsyhly kämilleşdirilmegi, olaryň kämil tehnologiýaly enjamlardan oňat baş çykaryp bilmekleri barada möhüm wezipäni öňde goýýar.
Elbetde, her bir edara-kärhanada ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligi köp babatda hünärmenleriň, işçileriň hünär ussatlygyna, ylmy gözýetimlerine, ukyp-başarnygyna bagly bolup durýar. Biziň kärhanamyzda-da köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekip, baý iş tejribesini toplap, hünär ussatlygyna eýe bolan hünärmenleriň, işçileriň bir topary zähmet çekýär. Kärhanamyzyň ýigrimi ýedinji toplumlaýyn karotaž partiýasynyň başlygy Nurgeldi Atadurdyýewiň, maşinist Döwlet Baýramgylyjowyň, ýigrimi sekizinji toplumlaýyn karotaž partiýasynyň başlygy Merdan Şallyýewiň, maşinist Parahat Hallyýewiň, interpretasiýa toparynyň esasy geofizigi Tirkiş Ataýewiň önümçilikdäki göreldeli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Döredijilikli, agzybir işleýän zähmet toparymyzda hemişe ýokary netijeli işleriň ýerine ýetirilmeginde şu halypalaryň mynasyp paýy bar — diýip, Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň başlygy Nurgeldi Ataýew gürrüň berýär.