Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgünde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Oňa şäherdäki gaz ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan çuňňur filosofiki goşgulary, olaryň ýokary çeperçiligi dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Söz ussadynyň çuňňur mazmunly goşgulary şahyryň pähim-parasadynyň güýjüni, akylynyň ýitiligini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adamkärçilige eýlenen, halkymyz, bütin adamzat üçin ahlak kanunyna öwrülen öçmez-ýitmez goşgularynyň üstünden asyrlar geçenem bolsa, parlak ýyldyzlar ýaly ýagty saçyp, öz gymmatyny barha artdyrýandygyny buýsanç bilen bellediler. Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige, adamlary birek-birege ýakynlaşmaga, edep-ekramlylyga, watansöýüjilige çagyrýan goşgularynyň okalmagy şahyryň doglan gününiň şu ýyl belleniljek 300 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar şahyryň döredijiligine, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan belent ösüşlerdir özgerişlere bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar. Duşuşykda sungat ussatlary şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlary belent heňlerde ýerine ýetirdiler.