Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleriniň hünäri kämilleşdiriş bölümleriniň mugallymlary döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin özleriniň okuw hem tejribelik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk guraýarlar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň mugallymlarynyň alyp barýan işlerem şunuň aýdyň mysalydyr.
— Indi otuz ýyldan köpräk wagt bäri işläp gelýän bölümimizde «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň hünär derejeleri kämilleşdirilýär. Bir aý möhletli hünär kämilleşdiriş okuwlarymyzda edara-kärhanalardan gelýän işçi-hünärmenler bilen nazary okuwlary maksadalaýyk geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Okuw otaglarymyz doly enjamlaşdyrylan. Olar okaýan döwürlerinde okuw mekdebimiziň birkemsiz enjamlaşdyrylan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýarlar. 2023-nji ýylda bölümimizde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» müdirlikleriniň, şeýle hem «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky müdirlikleriniň işçi-hünärmenleriniň bir müň üç ýüzden köprägi okap, öz hünär derejelerini kämilleşdirdiler — diýip, okuw mekdebiniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň ýolbaşçysy Kakajan Kakageldiýew gürrüň berýär.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky nebitgaz gözleg ekspedisiýalarynda burawlaýjy, burawlaýjynyň kömekçisi wezipelerinde zähmet çekýän işçi-hünärmenler kämilleşdiriş okuwlarynda bolanlarynda, bölümiň guýulary burawlamak otagynda ýerleşdirilen enjamlar arkaly täze tehnologiýaly, kämil buraw desgalary, olaryň burawlaýyş usullary barada giňişleýin düşünje alýarlar.
Hünäri kämilleşdiriş bölüminiň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak otagy hem degişli gurallar, gollanmalardyr düzgünnamalar bilen birkemsiz enjamlaşdyrylypdyr. Işçi-hünärmenler bu otagda geçilýän hünär kämilleşdiriş okuwlary arkaly önümçilikde tehniki howpsuzlyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmegiň, iş gurallaryny howpsuz ulanmagyň düzgünleri bilen giňden tanyşýarlar.
Hünäri kämilleşdiriş bölüminde okuwlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Üç tapgyrda geçirilen nazary okuwlarda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gündogargazakdyryş», «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş», «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Balkangazüpjünçilik» müdirlikleriniň edara-kärhanalarynyň işçi-hünärmenleriniň iki ýüzden köprägi hünärini kämilleşdirdi.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hünäri kämilleşdiriş bölüminde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň edara-kärhanalarynyň önümçiligine ornaşdyrylýan sanly ulgamdan, täze tehnologiýaly kämil enjamlardan oňat baş çykarýan tejribeli mugallymlaryň zähmet çekýändiklerini aýtmak gerek. Olardan Orazgeldi Işangulyýew, Jumageldi Hydyrow, Rejepmyrat Annaýew, Nygmat Bäbekow dagy köpýyllyk iş tejribeleri bolan halypa mugallymlardyr. Işde toplanylan baý tejribe olaryň geçýän sapaklarynyň her biriniň çuň mazmunly bolmagyny üpjün edýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti