744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.06.2023
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazynyň eksportyny ýanwar-maý aýlarynda 13,5% artdyrdy

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde öňdebaryjy orny eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk türkmen «mawy ýangyjy» iberildi, şol bir wagtda ösüş 13,5%-e deň boldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär. Ikinji orunda Russiýa (2,81 mlrd dollar, ösüş 2,12 esse), soňra Mýanma (ösüş 23,1%, 630,53 mln dollar) ýerleşýär. Olardan soň — Gazagystan (25,4% aşaklama, 300,13 mln dollar) we Özbegistan (60,71% aşaklama, 118,63 mln dollar). Özbegistan we Gazagystan içerki bazarynda islegiň artmagy bilen soňky wagtlarda tebigy gazyň eksportyny çäklendirýärler.