Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly, netijeli işlemegini üpjün etmegiň düzümleri we önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Prezident “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli düzümlerini häzirden gyş möwsümine taýýar etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.