744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
18.09.2024
Hormatly Prezidentimiz Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda  bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri  Olaf Şols bilen duşuşdy. 

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen GFR-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny ýetirip, «Merkezi Aziýa – Germaniýa»  dialogynyň dowamynda Federal Kansleri  Olaf Şols bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 

GFR-niň Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary netijesinde belent halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen öz ýurdunyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga  uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzakmöhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar 90 sany dürli ylalaşyklary we şertnamalary öz içine alýan berk hukuk binýadyna esaslanýar. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik maslahatlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, Bilelikdäki  türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny aýratyn belledi. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi