744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.10.2026

Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda eden çykyşynda TAPI gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat bölegi boýunça gurluşyk işleriniň bellenen möhletlere laýyklykda alnyp barylýandygyny we bu ugur boýunça tebigy gazy ibermegiň 2027-nji ýylda başlanmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Onuň bellemegine görä, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan Owganystan böleginiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berildi. Häzirki wagtda bu ýerde 700-e golaý türkmen hünärmeni we 300-den gowrak ýöriteleşdirilen tehnika işleýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň sebit energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm bölegi bolup durýar.

Myrat Arçaýew TAPI-niň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasy şertleriniň ygtybarly infrastruktura, durnukly hyzmatdaşlyk we berk hukuk esaslary bilen baglanyşyklydygyny belledi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň halkara hyzmatdaşlar üçin açyk we öňünden kesgitlenýän şertleri döredýändigini nygtady.

Çykyşda Türkmenistanyň baý gaz serişdeleriniň, ilkinji nobatda «Galkynyş» gaz käniniň, uzak möhletleýin üpjünçiligiň möhüm binýady bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem ýurdun energetika syýasatynda ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmaga — gündogar, günorta we günbatar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi aýdyldy.

Myrat Arçaýew Türkmenistanyň täze energetika taslamalaryna anyk tehniki, ykdysady we hukuk şertleriniň esasynda çemeleşýändigini, şeýle taslamalaryň döwletleriň arasynda uzak möhletleýin ynamly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat edýändigini aýtdy.