744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.09.2024
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işini başlamagy bilen baglanyşykly Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi.

UNRCCA bilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi