744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.09.2024
Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär

Paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi.

Şu günki forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly ýokary hilli oba hojalyk önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Sergide şeýle hem möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaýyň tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen tanşyp bolýar.

Halkara ylmy maslahatyň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek barada uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlar, hünärmenler tarapyndan ekinleriň ýokary hasylly, welaýatlarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlary döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylýar” diýlip nygtalýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär. Täze belent sepgitlere, buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy, döredijilikli zähmeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ählisi güneşli Diýarymyzyň ak ýürekli zähmetkeş halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Çünki oba zähmetkeşleri ýadawsyz, halal zähmeti bilen sahawatly hem-de bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde esasy wezipe edip goýan bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriň bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek we ösdürip ýetişdirmek, bu ulgamda dünýä tejribesini özleşdirmegiň we alyşmagyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi