Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepde geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebithimiýa önümlerini, hususan-da, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, jins matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 168 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi satyn aldylar.