744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
08.10.2024
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşýar.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

Sammita gatnaşyjylar kiçi we giňişleýin düzümdäki, wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda mejlisleriň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşarlar. 

GDA-nyň Sammitiniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyny geçirmegi meýilleşdirilýär. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi