744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
07.01.2025
Döwletabat – Derýalyk gaz geçirijisi boýunça tebigy gazyň bökdençsiz daşalmagy doly üpjün edilýär

Türkmenistanyň gaz senagatynda hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň hünärmenleri tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak we bu möhüm energiýa serişdelerini içerki hem-de daşarky sarp edijilere ygtybarly eltmek üçin tutanýerli işleýärler.

"Türkmengazakdyryş" birleşiginiň iň uly gaz kompressor stansiýalarynyň biri bolan "Şatlyk" gaz kompressor stansiýasy bu wezipäniň ýerine ýetirilmeginde möhüm orny eýeleýär. Stansiýa ýokary basyşly gaz geçirijileriň 65 kilometrini öz içine alýar we "Galkynyş" käninden hem-de beýleki känlerden tebigy gazyň bökdençsiz akymyny üpjün edýär. Stansiýada 300-den gowrak hünärmen işleýär.

Akýan tebigy gaz içerki bazara hem-de eksport ugurlaryna gönükdirilýär. Ol Mary we Ahal welaýatlarynyň ilatynyň isleglerini doly üpjün edýär.

2024-nji ýylda gaz geçirijilerde giň gerimli abatlaýyş işleri geçirildi. Uzaklygy 1200 metr bolan gaz geçiriji bölek çalşyryldy, bu bolsa ulgamyň ygtybarlylygyny ep-esli ýokarlandyrdy. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň gaz üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen täze gaz geçiriji gurlup ulanylmaga berildi.

Mundan başga-da, gaz geçirijilerde açyş-ýapyş enjamlary çalşyryldy we gaz geçirijilere girýän hem-de çykýan turbageçirijiler täzeden abatlandyryldy.

«Hünärmenlerimiziň bilelikdäki tagallalary netijesinde, tebigy gazyň bökdençsiz daşalmagynda tehnologiki talaplary doly ýerine ýetirýäris» – diýip, stansiýanyň işgärleri belleýärler.