8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 111,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň, önümçilik desgalaryny doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyryp, guýulary işe girizmegi dowam etdirmek, bu ugurda ylmyň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.