744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.11.2026

“Türkmengaz” döwlet konserni Merkezi Ýewraziýanyň iri kompaniýalarynyň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeledi. CEBA Top 500 indeksiniň maglumatlaryna görä, konserniň 2025-nji ýylda gazanan girdejisi 8 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, sebitdäki iň iri kompaniýalaryň arasynda ýedinji orunda ýerleşdi.

“Central Eurasia Business Associates” (CEBA) halkara maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan bu indeks Merkezi Ýewraziýanyň dokuz döwletinden saýlanan 500 sany iri kompaniýany öz içine alýar. Deslapky hasaplamalara görä, sanawa girizilen kompaniýalaryň umumy girdejisi takmynan 400 milliard ABŞ dollaryna ýetýär.

CEBA Top 500 sanawynyň netijeleri sebit ykdysadyýetinde energiýa pudagynyň aýratyn ornuny ýene-de bir gezek görkezdi. Sanawyň öňdebaryjy orunlarynda hem nebitgaz ulgamynda işleýän iri kompaniýalar ýerleşdi. Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy SOCAR 50,8 milliard dollarlyk girdeji bilen sanawyň birinji ornuny eýeledi. Gazagystanyň “Tengizchevroil” kompaniýasynyň girdejisi 20 milliard dollar, “KazMunayGaz” kompaniýasynyňky bolsa 18 milliard dollar boldy.

Hünärmenleriň bellemegine görä, Merkezi Ýewraziýanyň iri kompaniýalarynyň maliýe görkezijilerinde energetika pudagy esasy hereketlendiriji güýçleriň biri bolmagynda galýar. Muny sanawyň ilkinji onlugyna giren kompaniýalaryň sekizisiniň nebitgaz ulgamyna degişlidigi hem tassyklaýar. Şol kompaniýalaryň umumy girdejisi CEBA Top 500 sanawyna girizilen ähli kärhanalaryň umumy girdejisiniň üçden birinden gowragyny emele getirýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň bu abraýly sanawda ýokary orny eýelemegi Türkmenistanyň tebigy gaz pudagynyň sebit ykdysadyýetindäki ähmiýetini, milli energetika toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini we halkara bazarlaryndaky ornuny görkezýän möhüm görkezijileriň biri bolup durýar.