744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
16.10.2025
Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi goldaýar

Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulýew 14-nji oktýabrda Efiopiýada Afrika Bileleşiginiň komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Muhammet El-Amin Suef bilen duşuşdy. Taraplar hil taýdan täze derejä ýeten Türkmenistanyň Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň dowam edýän ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Işangulýew Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryndan biridigini aýtdy.

Türkmenistan bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Afrika Bileleşigi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary energiýa, himiýa senagaty, oba hojalygy we medeniýet ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň bardygyny belläp geçdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti