744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
17.10.2025
Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» forumynyň platina hemaýatkäri boldy

Türkmenistanyň energetika pudagynda iň abraýly halkara forumlaryň biri bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylyk topary, bu ýylky çäreleriň baş (platina) hemaýatkäri hökmünde Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň (CNPC) çykyş etjekdigini habar berdi. Ýubileý forumy 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC) Türkmenistanda öz işine 2002-nji ýylda başlap, şol döwürden bäri nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny goýmak we inženerçilik-tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýar.

2007-nji ýylda CNPC bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn zolagy boýunça önümi paýlaşmak hem-de uzak möhletleýin tebigy gaz eksporty babatynda möhüm şertnamalar baglaşyldy. Şol ýylyň özünde kompaniýa Amyderýanyň sag kenaryndaky ýataklaryň senagat taýdan özleşdirilmegine girişdi.

«Bagtyýarlyk» zolagy Samandepe, Altyn Asyr we beýleki birnäçe ýataklary öz içine alýar. Bu ýataklar «Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisi üçin esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Metbugat maglumatlaryna görä, CNPC-niň bu taslama goýlan umumy maýa goýumy 9,4 milliard ABŞ dollaryndan geçýär.

2024–2025-nji ýyllarda CNPC Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Kompaniýa häzirki wagtda önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda «Bagtyýarlyk» zolagyndaky gazy gaýtadan işleýän GGIZ-2 zawodynyň kuwwatyny giňeltmek, kompressor enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek, şeýle hem önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirýär.

Bu işler CNPC-niň Türkmenistanyň energetika infrastrukturasyndaky döwrebaplaşdyrma we tehnologik ösüş boýunça ygrarlylygyny görkezýär.

Korporatiw maksatnamasyna laýyklykda, CNPC 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny nol derejesine ýetirmegi maksat edinýär. Kompaniýa arassa energetika çeşmelerine geçmegi, ýaşyl ösüşi we strategik alternatiwalary öňe sürmegi esasy ýörelge edinýär.

Şeýle hem CNPC sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrýar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary durmuşa geçirýär hem-de ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän iş ýörelgelerini ösdürýär.

Bu tagallalar «Energiýa. Innowasiýa. Ösüş.» şygary astynda geçirilýän OGT 2025 forumynyň maksatly ugurlary bilen doly sazlaşykly bolup, Türkmenistanyň we CNPC-niň durnukly ösüşe hem-de tehnologik öňe gidişlige bolan ygrarlylygyny görkezýär.

Forumyň platina hemaýatkäri hökmünde çykyş etmek bilen, CNPC kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagyna uzak möhletleýin goldaw bermäge taýýardygyny tassyklaýar. Şeýle-de kompaniýanyň gatnaşmagy bu forumyň halkara derejesini ýokarlandyrmaga we dünýäniň hem-de sebitiň energetika liderleriniň arasynda tejribe alyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti