Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 16-njy oktýabrda «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisindäki ileri tutulýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleýji resminamalarynyň ýerine ýetirilişine degişli pikir alyşmak, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Daşary işler ministri öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, BMG-niň edaralaryň ýurdumyzyň milli ileri tutulýan ugurlaryny amala aşyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goşýan uly goşandyny belläp geçdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu başlangyçlar parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ulag, sanly integrasiýa, ekologiýa, suw serişdeleri, ýaşlar we ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şeýle hem bitaraplyk we halkara hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistandaky BMG-niň edaralarynyň wekilleri ýurdumyzyň milli hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisindäki ileri tutulýan garaýyşlaryndan gelip çykýan Türkmenistanyň halkara we sebit başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleýji resminamalarynyň netijeli ýerine ýetirilişine ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.