744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 41-nji hepdesinde geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça umumy bahasy 27 363 200,00 manada we 145 011 050,78 ABŞ dollaryna deň bolan 13 sany geleşik baglaşyldy. Hepdäniň dowamynda daşarky we içerki bazarlardaky birža amallaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de ýerli telekeçiler köpsanly iri geleşikleri baglaşyp işjeň gatnaşdylar.

Daşarky bazarda BAE, Türkiýe, Singapur we Azerbaýjan döwletleriniň işewürleri Türkmenistanyň önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Söwdalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar «Türkmengaz» döwlet konserninden tokgalaýyn tehniki kükürti, şeýle hem ýerli işewürlerden pagta süýümini, nah ýüplügini, arassalanan nah galyndylaryny we arassalanan boýalan hem-de basylan nah saten stripe penýe matasyny satyn aldylar.

İçerki bazarda bolsa ýerli işewürler biržanyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini we ýarympanama çig nah matany, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden bolsa aýna bankalaryny satyn almak boýunça degişli geleşikleri amala aşyrdylar. Birža söwdalary ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň gün-günden artýandygyny we milli önümlerimize bolan islegiň durnukly saklanýandygyny subut etdi.