744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň işgärlerine gutlag iberdi. Döwlet Baştutany gutlagynda ynsan saglygyny goramagyň mukaddes we asylly işdigini belläp, ýurdumyzda adamyň sagdyn, bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gutlagda Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman hassahanalaryny, saglyk merkezlerini we derman senagaty kärhanalaryny gurmak, lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy hem-de emeli aňy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bu çäreleriň ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek, keselleriň öňüni almak we derman önümçiliginiň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm şertleri döredýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutany «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa we stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşindäki möhüm ädimleriň biridigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu döwrebap merkezlerde dünýä lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy tejribelerinden, beýik alymlaryň we lukmanlaryň mirasyndan, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlaryndan ugur alnyp, täze üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Gutlagda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, lukmanlary taýýarlamak, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem aýratyn nygtaldy. Aziýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary we ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylýandygy bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutany ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini aýtdy.

Gutlagda Türkmenistanyň ynsanperwer başlangyçlarynyň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömekleriň, lukmançylyk serişdeleriniň we azyk önümleriniň iberilýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara berk jan saglygyny, bagtyýar durmuş we halkyň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.