744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy. Taraplar söwda-ykdysady, ulag, nebitgaz hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutany Belarus Liderini mähirli mübärekledi we onuň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelmeginiň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, iki ýurduň ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň möhümdigini aýtdy.

Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Awazada geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşandyny ýokary bahalandyrdy.