744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.10.2026

Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda inženerçilik başarnyklaryny ösdürmek, halkara tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek, hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de geljekki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistana Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) ýokary derejeli wekiliýeti geldi. Wekiliýetiň düzümine SPE-niň 2025-nji ýyldaky prezidenti Oliwýe Houze, Ýewropa we Hazar sebiti boýunça işewürligi ösdürmek hem-de sebit çärelerine jogapkär Grigoriý Zaraýskiý, şeýle hem SPE-niň Russiýa we Hazar sebiti boýunça sebit direktory Ali Nagiýew girdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Saparyň dowamynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşiklerde tehniki bilimleri alyşmak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we SPE-niň Türkmenistandaky işini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyklaryň dowamynda SPE-niň Türkmenistandaky bölümini ösdürmek, türkmen hünärmenleriniň halkara tehniki maslahatlara we okuw maksatnamalaryna gatnaşygyny artdyrmak, şeýle hem pudak hünärmenleriniň, alymlaryň we talyplaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ugurlar kesgitlenildi.

SPE-niň wekiliýeti Türkmenistanda işleýän iri halkara energetika kompaniýalarynyň, şol sanda Dragon Oil, PETRONAS, Eni we CNPC kompaniýalarynyň wekilleri bilen hem duşuşdy. Duşuşyklarda halkara tejribäni paýlaşmak, tehniki başlangyçlara goldaw bermek we inženerleriň hünär taýdan ösüşine ýardam etmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň möhüm ugurlarynyň biri Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň halkara hünär ulgamyna has işjeň goşulmagyny üpjün etmek boldy. Şunuň bilen baglylykda, SPE-niň talyplar hereketini ösdürmek, ýaş inženerler üçin bilim we halypaçylyk maksatnamalaryny giňeltmek meseleleri hem garaldy.

Gepleşikleriň dowamynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) halkara maslahatynyň çäklerinde SPE-niň aýratyn «tegelek stoluny» geçirmek boýunça taýýarlyk işleri barada hem pikir alşyldy. Bu meýdança halkara bilermenleri bilen Türkmenistanyň energetika pudagynyň wekilleriniň arasynda tehniki tejribe alyşmak üçin möhüm mümkinçilik döreder.

1957-nji ýylda döredilen Nebitçi inženerler jemgyýeti nebitgaz pudagynda tehniki bilimleri ösdürmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we halkara tejribäni ýaýratmaga gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy hünär guramalarynyň biridir. Gurama häzirki wagtda 140-dan gowrak ýurtda müňlerçe hünärmeni birleşdirýär.

SPE bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň milli inženerçilik kuwwatyny ösdürmäge, ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ylmy we önümçilik mümkinçiliklerini halkara derejede ösdürmäge ýardam berer. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň energetika pudagynyň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.