Nebitçi inženerler jemgyýeti (SPE) Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplar bilen bagly işleriň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Nebitçi inženerler jemgyýetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň dowamynda geljekki nebitçi inženerleriň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň halkara hünär ulgamlaryna gatnaşygyny giňeltmek we döwrebap tehniki bilimlere elýeterliligini üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Talyplar ugruny ösdürmek boýunça başlangyçlar ýaş hünärmenlere halkara tehniki bäsleşiklere gatnaşmaga, halypaçylyk maksatnamalaryndan peýdalanmaga, pudak bilermenleri bilen aragatnaşyk saklamaga we dünýä tejribesini öwrenmäge mümkinçilik berer.
Nebitçi inženerler jemgyýetiniň halkara torunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen uniwersitetiň talyplary nebitgaz inženerçiliginiň häzirki zaman ugurlary boýunça goşmaça bilim we tejribe almak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de energetika pudagy üçin ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşar.