744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.10.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Türkmenistanyň geljegi uly nebitgaz känlerini özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärede eden çykyşynda bildirdi diýip, "Report" maglumat gullugy habar berýär.

Ministriň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň nebiti Azerbaýjanyň çägi arkaly halkara bazarlaryna üstünlikli daşalýar. Mikail Jabbarow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmakda we üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini ýylsaýyn artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

" Türkmenistanyň döwrebap ulag infrastrukturasy bolup, portunyň, demir ýol ulgamynyň we beýleki logistika desgalarynyň ösdürilmegine uly möçberde maýa goýdy. Biz bu ugurda bilelikde alnyp barylýan işleriň tutuş sebite uly peýda getirjekdigine berk ynanýarys" diýip, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri belledi.

Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Maslahatyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir energetika we ulag ulgamy bilen çäklenmän, eýsem bilelikdäki kärhanalary, senagat toplumlaryny döretmek we tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin hem giň mümkinçilikleri açýar.