744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.10.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň merkezi dispetçer gullugynyň dispetçeri Nyýazmyrat Ilamanow eýýäm 52 ýyl bäri gaz hojalygy ulgamynda zähmet çekip gelýär. Ol zähmet ýoluna Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebi tamamlan dessine işçi bolup başlady we esasy işiniň ýany bilen I.M.Gubkin adyndaky nebit we gaz senagaty institutynyň ýerli bölüminde okap, 1982-nji ýylda ony üstünlikli tamamlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Nyýazmyrat Ilamanow zähmet ýolunyň dowamynda müdirligiň başlygynyň orunbasary, baş inžener ýaly dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp, Etrek, Esenguly, Türkmenbaşy, Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynyň obalaryny gazlaşdyrmak işlerine ýakyndan gatnaşdy. Kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýagşymyrat Aşyrow halypa hünärmeniň zähmete bolan yhlasyny we ýaşlara öz bilýänlerini öwretmekdäki nusgalyk mekdebini aýratyn nygtap geçýär.

Häzirki wagtda müdirligiň zähmet topary ilatly ýerlerde gaz paýlaýjy ulgamlary täzelemek, ekologiýa taýdan arassa hem-de tygşytly tehnologiýalary işe girizmek we tebigy gazyň ilata bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmek boýunça giň göwrümli işleri amala aşyrýar. Hünärmenler gaz geçirijilere we degişli enjamlara bellenilen wagtynda tehniki gözegçilik geçirip, durnukly gullugy ýola goýýarlar.

Nyýazmyrat Ilamanowyň köp ýyllyk halall zähmetine ýokary baha berlip, ol 2021-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Halypa gazçynyň gyzy Gülşat hem «Balkanabatşähergaz» edarasynda gaz enjamlaryna serediji slesar bolup zähmet çekýär we ata kesbini pray bilen dowam etdirýär.