744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.10.2026

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň çäklerinde 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy» atly açylyş plenar mejlisi geçirildi. Mejlis «APCO Worldwide» kompaniýasynyň wekili Jon Defteriýosyň alyp barmagynda geçdi.Plenar mejlisiň esasy hasabaty bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow çykyş etdi.

Wise-premýer çykyşynda Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň goşant goşýandygyny we ägirt uly tebigy baýlyklaryny ählumumy bähbitler üçin netijeli peýdalanmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýändigini aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn energetika strategiýasy pudaga öňdebaryjy, ekologiýa taýdan ygtybarly tehnologiýalary ornaşdyrmagy, gazyp alyş hem-de gaýtadan işleýiş kuwwatlyklaryny artdyrmagy, şeýle-de türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitleýär.

Ol tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň dünýä bazarlarynda ygtybarly energetika hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýändigini belläp, bu ugurda, ilkinji nobatda, «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Onuň sözlerine görä, ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi energiýa serişdelerini dürli ugurlar boýunça ibermäge giň mümkinçilikleri döredýär hem-de sebitde ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Päkistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan «Arkadagyň ak ýoly» hem-de Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýdyp, bu taslamalaryň goňşy we sebit döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan islegini üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini belledi.

Çykyşda önüm paýlaşmak hakynda şertnamalaryň esasynda iş alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy energetika we inženerçilik kompaniýalary bilen ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga hem ýokary baha berildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan täze maýa goýumlary çekmäge, nebitgaz ýataklaryny netijeli özleşdirmäge, häzirki zaman infrastrukturasyny döretmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge açykdyr.

Şeýle hem Guwanç Agajanow häzirki wagtda dünýä energetika ulgamynyň düýpli özgertmeleri başdan geçirýändigini belläp, energiýa serişdelerine bolan islegiň artýan şertlerinde Türkmenistanyň durnuklylyk, ygtybarlylyk, netijelilik we ekologiýa howpsuzlygy ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini aýtdy. Onuň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda iri halkara taslamalary amala aşyrmak, daşary ýurt maýalary üçin amatly şertleri döretmek we strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur syýasy, ykdysady hem-de hukuk mümkinçilikleri üpjün edilendir.

Plenar mejlisiň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň we energetika strategiýasynyň sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda hem-de halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.