744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.10.2026

21-nji oktýabrda Aşgabatda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde myhmanlaryň hem-de gatnaşyjylaryň dykgatyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň ekspozisiýasy hödürlenildi.

Konserniň diwarlygy hyzmatdaşlar bilen işewürlik duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bu ýerde «Türkmengazyň» wekilleri myhmanlary konserniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Konserniň esasy taslamalary ekranlarda aýdyň görkezilýär. Ekspozisiýada taslamalaryň kartasy şekillendirilen uly ýagtylyk-diodly (LED) ekran merkezi orny eýeleýär. Şeýle hem ýurduň gaz pudagynyň işi barada gürrüň berýän relýefli maket we sensorly maglumat panelleri sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmek konserniň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 2026-njy ýylyň aprelinde «Türkmengaz» bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bu käni özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň desgalarynyň taslamasyny düzmek we olary doly taýýar edip gurmak boýunça şertnama baglaşdylar. Täze tapgyr ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlamaga niýetlenendir.

Halkara forum 23-nji oktýabra çenli dowam eder.