Oksford uniwersitetiniň wekili Ahmad Kameş bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň gaz pudagyna gözegçiliksiz zyňyndylary azaltmaga we ýitirilen girdejini yzyna gaýtarmaga gönükdirilen tehnologiýalar bilen goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada ol Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara sergisinde gürrüň berdi.
Ahmad Kameşiň sözlerine görä, ol Beýik Britaniýada uniwersitetine ylmy gözlegler we işläp taýýarlamalar ugry boýunça wekilçilik edýär. Onuň belleýşi ýaly, uniwersitet ekologiýa, ýagny daşky gurşawa ýetirilýän täsiri azaltmagyň ýollaryny gözlemäge aýratyn üns berýär. Özi bolsa ýapyjy armatura we gazy turba geçirijiler arkaly daşamak tehnologiýalary bilen meşgullanýar, olaryň maksady gözegçiliksiz zyňyndylary azaltmakdan ybaratdyr. Onuň nygtamagyna görä, bu gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň öňünde durýan wezipeleriň hem biridir. Onuň sözlerine görä, bu tehnologiýalar gazyň atmosfera düşmeginiň deregine ony turba geçirijä basyp ibermäge mümkinçilik berýär.
Ahmad Kamiş Türkmenistana yzly-yzyna üçünji ýyl gelýändigini habar berdi we serginiň barha köp adamy özüne çekýändigini, onda has köp kompaniýanyň gatnaşýandygyny belledi. Ol muny ýurduň ykdysady ösüşiniň beýany hasaplaýar. Uniwersitetiň Türkmenistandaky ýerli wekili «Türkmen Gala» kompaniýasydyr. Onuň sözlerine görä, şol kompaniýa arkaly bilimler geçirilýär we tehniki goldaw berilýär, Beýik Britaniýanyň tejribesi bolsa ýaşlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin türkmen bazaryna getirilýär.