744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.10.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň toýlanan günlerinde uzak ýyllaryň dowamynda çeken päk zähmeti, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösmegine goşan goşandy göz öňünde tutulyp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gaz geçirijilere hyzmat etmek boýunça Ýöriteleşdirilen ulanyş edarasynyň ýolbaşçysy Arslan Baýramow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldy.

Arslan Baýramow öz zähmet ýoluna 1993-nji ýylyň iýunynda şol wagtky «Düýeboýun-Daşoguz» suw geçiriş gurluşyk edarasynda ýönekeý işçilikden başlady. Ol 1996 — 2000-nji ýyllarda paýtagtymyzdaky Türkmen politehniki institutynda (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) okap, gidrogeologiýa we inžener geologiýasy ugry boýunça dag inžener-gidrogeology hünärine eýe boldy. Şondan bäri «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň edara-kärhanalarynda dürli wezipelerde işläp gelýär.

A.Baýramow Gazawat senagat meýdançasynyň, baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasynyň başlygy hem-de müdirligiň başlygynyň düýpli gurluşyk boýunça orunbasary wezipelerinde işledi. Müdirlikde elektrohimiki gorag, gaz geçirijileri ulanmak we olara hyzmat etmek boýunça iş tejribesini toplady.

Müdirligiň Birleşen kärdeşler arkalaşyklary komitetiniň başlygy Berdinazar Meredow müdirligiň işçi-hünärmenleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaz gysyjy, gaz akdyryjy we hil gözegçiligini amala aşyrýan döwrebap desgalarda zähmet çekýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça daşary bazarlara çykarylýan türkmen tebigy gazynyň halkara talaplaryna laýyk bolmagy, «mawy ýangyjyň» üznüksiz akdyrylmagy ugrunda zähmet çekilýär. Berdinazar Meredow kärdeşleriniň Arslan Baýramowyň döwlet sylagyny müdirligiň ähli işgärlerine berlen sylag hökmünde kabul edýändiklerini nygtady.

Berdinazar Meredowyň aýtmagyna görä, müdirligiň edarasyna ýolbaşçylyk edýän Arslan Baýramow Amandurdy Hangeldiýewiň, Umar Baltabaýewiň, Rahym Jumabaýewiň we Kuwwat Orazmedowyň halypasy boldy.

 

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti