744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.10.2026

Azerbaýjanyň «Baku Steel Company» ýapyk paýdarlar jemgyýeti 21 — 23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine öz stendi bilen gatnaşdy. Kompaniýanyň OGT 2026 üçin taýýarlan stendi döredijilikli çemeleşme, professional dizaýn we tanyşdyrylyşyň ýokary derejesi üçin «Stendiň iň gowy dizaýny» baýragyna mynasyp boldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Energetika pudagynyň durnukly ösüşine, dünýä energetika bazarynyň häzirki ösüş ugurlaryna we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan çärä dürli ýurtlaryň senagat kompaniýalary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde kompaniýanyň wekilleri B2B duşuşyklaryny geçirdiler. Taraplar sebit bazarlaryndaky islegi, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny we özara gyzyklanma bildirilýän taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, OGT 2026-a gatnaşmak «Baku Steel Company» üçin möhüm ähmiýete eýe boldy: ol kompaniýanyň halkara bazarlardaky ornuny pugtalandyrmaga, täze işewür gatnaşyklary ösdürmäge we eksportyň geografiýasyny giňeltmäge ýardam etdi.

«Baku Steel Company» ýapyk paýdarlar jemgyýeti Günorta Kawkazyň iň iri metallurgiýa kärhanasy bolup, gurluşyk, infrastruktura we senagat pudaklary üçin polat önümlerini öndürýär.