744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.10.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazüpjünçilik» müdirligine degişli «Maryşähergaz» kärhanasynyň hünärmenleri Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde gaz hojalygyny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri geçirdiler. Işleriň maksady ýaşaýjylary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek we aýazly günlerde öýlerde ýylylygy saklamakdyr. Taýýarlyk işleri ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, şäher gullugy dürli basyşly 574 müň metrden gowrak gaz geçirijä hyzmat edýär. «Gök ýangyç» bilen 41 099 maşgala, şeýle hem 200-den gowrak döwlet we hususy kärhana üpjün edilýär.

Mülkbagşy ýaşaýyş toplumynda uzynlygy 900 metr bolan orta basyşly täze gaz geçiriji gurlup, ulanmaga berildi. Mundan başga-da, şol ýerde könelen turbalaryň 1100 metrden gowragy, Muhadow toplumynda bolsa 500 metrden gowragy çalşyryldy. Ýylyň başyndan bäri şäherde iki sany täze gaz paýlaýjy nokat we 21 sany gaz sazlaýjy enjam oturdylyp, ulanmaga berildi.

Gaz ulgamlaryna hyzmat edýän hünärmenleriň hatarynda daşky gaz geçirijiler boýunça çilingirler Guwanç Durdygylyjow bilen Rahat Agaorazow, şeýle hem içerki gaz enjamlary boýunça hünärmenler Rejep Kyýasow bilen Maksat Yslamow bar. Olar öz tejribelerini ýaş işgärler bilen paýlaşýarlar.

«Maryşähergaz» kärhanasynyň ýolbaşçysy Süleýman Hojagulyýew döwlet goldawynyň netijesinde kärhananyň hünärmenleriniň ähli güýjüni gaýgyrman işleýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, işgärleriň esasy wezipesi sowuk möwsümde şäher ýaşaýjylarynyň gaz üpjünçiliginde hiç hili bökdençlik duýmazlygyny gazanmakdan ybaratdyr.

Gazçylar şeýle hem Mary şäheriniň orta mekdeplerine we çagalar baglaryna yzygiderli baryp durýarlar. Söhbetdeşliklerde olar çagalara we mugallymlara tebigy gazy öý şertlerinde howpsuz ulanmagyň düzgünlerini düşündirýärler.