Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda uly ösüşler gazanylýar. Ulgamdaky bar bolan ýataklaryň durkuny täzelemek, täze känleri özleşdirmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy energiýa eksportlaýjy döwleti hökmündäki abraýyny has-da berkitmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käni Türkmenistanyň tebigy gaz eksportynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda bu känden üç tapgyr boýunça sebit döwletlerine iri möçberde harytlyk gaz ugradylýar. Şeýle hem ýataklarda täze ulanyş guýularyny burawlamak we känleri özleşdirmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilendigini belledi. Bu taslamanyň çäklerinde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygy alnyp barylar. Ýakyn geljekde bu ýerde 1 müňden gowrak täze iş orunlarynyň döredilmegine we uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberiniň ep-esli artmagyna garaşylýar.