744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 4-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynyň netijesinde jemi 6 160 000,00 manada we 2 283 147,50 ABŞ dollaryna deň bolan 7 sany şertnama baglaşyldy. Söwdalaryň barşynda daşary ýurtly we ýerli telekeçiler tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň nebithimiýa hem-de tekstil senagatynyň önümlerine uly isleg bildirildi.

Daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arab Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň wekilleri bolsa ýerli işewürlerden nah ýüplügini, nah matany hem-de ranfors polifabrikant nah matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni hem-de «Türkmenpagta» döwlet konserninden pagta süýümini satyn aldylar. Bu şertnamalar ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge ýardam berýär.