744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.11.2026

Aşgabatda 3–5-nji noýabrda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2026” (CIET 2026) atly halkara konferensiýasy we sergisi geçirilýär. Forumyň meýdançalarynyň biri hem Russiýa Federasiýasynyň “ROSATOM” atom energiýasy boýunça döwlet korporasiýasynyň ekspozisiýasy boldy. Bu ýerde türkmen hyzmatdaşlaryna atom energetikasy we oňa ýanaşyk ýokary tehnologiýaly pudaklar boýunça çözgütler hödürlendi. Konferensiýanyň hormatly gatnaşyjysy, «ROSATOM» döwlet korporasiýasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň baş direktorynyň orunbasary Dmitriý Konstantinow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi.

Dmitriý Konstantinowyň sözlerine görä, korporasiýanyň sergä gatnaşmagynyň esasy maksady türkmen hyzmatdaşlaryny diňe bir adaty atom energetikasy däl, eýsem ýadro lukmançylygy, additiw tehnologiýalar, şeýle hem senagat we raýat gurluşygynda isleg bildirilýän häzirki zaman kompozit materiallary boýunça öňdebaryjy işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmakdyr.

Ol pudagyň köpugurlydygyny nygtady we parahatçylykly atomyň ösdürilmeginiň ylmy gözlegler hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi. Onuň sözlerine görä, hünärmenleri taýýarlamak atom energetikasynyň aýrylmaz bölegidir.

Stendde görkezilen utgaşdyrylan bitewi atom stansiýasynyň maketi sergi myhmanlarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Taslama uly kuwwatly nusgawy atom elektrik stansiýasyny we kiçi kuwwatly reaktor bloklaryny bitewi toplumda birleşdirýär.

“Kiçi kuwwat – bu atom energetikasy ýoluna düşmek isleýän we entek iri energoulgamlary bolmadyk ýurtlaryň saýlaýan häzirki zaman ugrudyr. Kiçi kuwwatly atom stansiýasy munuň üçin gowy ilkinji tapgyrdyr. Integral ýerleşiş kuwwatlary çeýe sazlamaga mümkinçilik berýär: kiçi kuwwatly bloklaryň hasabyna toplumlaýyn atom taslamasy has çeýe bolýar” – diýip, Dmitriý Konstantinow pikirini paýlaşdy.

Forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar taraplaryň ylmy-tehniki gepleşikleri ösdürmäge we bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanmasyny tassyklady.