Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet fakultetiniň «Logistika» kafedrasynyň mugallymlary hem-de talyplary «Hazar Logistika» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçy düzümi we hünärmenleri bilen iş maslahatyny hem-de göçme okuw sapagyny geçirdiler. Bu çäre bilim ulgamyny önümçilik we işewürlik pudagy bilen berk baglanyşdyrmak, talyplaryň nazary bilimlerini amalyýetde berkitmek maksady bilen guraldy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar maksatlaýyn bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aň mümkinçiliklerini okuw işine ornaşdyrmak hem-de zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli logistika hünärmenlerini taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň netijeleri boýunça ylym, bilim we önümçilik ugurlarynda bilelikdäki täze taslamalary meýilleşdirmek ylalaşyldy.
Göçme okuw sapagynyň çäklerinde talyplar kompaniýanyň ammar hojalygy, logistik amallaryň guralyşy, ýükleri daşamak, üstaşyr geçelgeleri dolandyrmak we sanly ulgamlary ulanmak tertibi bilen ýakyndan tanyşdylar. Kompaniýanyň hünärmenleri talyplara halkara standartlary hem-de zähmet howpsuzlygy barada gymmatly maglumatlary berip, olaryň sowallaryna giňişleýin jogap berdiler.
Ýurdumyzda Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýaly iri ulag-logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilýän şertlerinde geçirilen bu amaly sapar ýaş hünärmenleriň geljekki kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.