744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.11.2026

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasalary gözegçilik edýän toplumlarynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

«Jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini bellemek isleýärin. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi