Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 5-nji noýabrda geçirilen söwdalaryň jemleri boýunça umumy bahasy 2 000 000 manat we 1 068 120 ABŞ dollary bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen işewürlerinden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşiklere gol çekdiler.