Şu ýylyň 5-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda ilkinji gezek informatika boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Olimpiada uniwersitetiň Hytaýdaky hyzmatdaşlary bilen baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň çäklerinde geçirildi: 2023-nji ýylda Hytaýyň nebit uniwersiteti bilen, 2024-nji ýylda Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti bilen.
Olimpiadanyň açylyş dabarasy uniwersitetiň uly Mejlisler zalynda boldy. Daşary ýurtly talyplar we ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary çärä sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Olimpiadada iki ýurduň dört nebitgaz ýokary okuw jaýyndan jemi 120 talyp bäsleşdi.
Şahsy hasapda ýeňijiler uniwersitetiň ýörite işlenip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenildi. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem bar.