744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.11.2026

7-nji noýabrda Arkadag şäherinde, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Ilkinji bag nahalyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oturtdy. Çäre aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäherde çäräniň geçirilýän ýerine geldi we ýörite taýýarlanan meýdançada saýlanyp alnan bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Körpe gatnaşyjy goşgy setirleri arkaly Gahryman Arkadagymyzdan çärä badalga bermegini haýyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri oglanjyga sowgat gowşurdy, onuň bilen bilelikde surata düşdi, şeýle hem okuwy we geljekki hünäri saýlamagy bilen gyzyklandy. Ondan soň bag ekmäge şäheriň ähli ýaşdaky ýaşaýjylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, şeýle hem «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylary girişdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnanyşanlary ýurdumyzda 8-nji noýabrda bellenilýän Hasyl toýy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, köpçülikleýin bag ekmek işleri ähli ýerde — awtomobil ýollarynyň ugrunda, derýalaryň, iri suw akabalarynyň we kölleriň kenarlarynda alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bag ekmek çäresiniň ýazky we güýzki möwsümleri her ýyl geçirilýär. Köpetdagyň etegindäki Arkadag şäherinde ýaşyllaşdyryş kampaniýasynyň her tapgyrynda müňlerçe bag nahaly ekilýär.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa bilen gürrüňdeş boldy. Ol Niderlandlar Patyşalygyna barmaga we bag hem-de gül ösdürip ýetişdirmek tejribesi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi; şol ýerden dürli gül ekinleriniň tohumlary getirildi. Bag we gül ösdürip ýetişdirmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň birinde bolan türkmen halkynyň Milli Lideri bu tejribäni ornaşdyrmak we Aşgabatda ýaşyllaşdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmak barada maslahatlaryny berdi. Ol täze şäherde gök zolaklaryň çägini giňeltmek, gül kompozisiýalaryny döretmek üçin bezeg güllerini köpçülikleýin ekmek we paýtagtyň jemagat hojalygy gulluklary bilen sazlaşykly işlemek barada maslahatlaryny berdi. Şäherlerde amatly ekologik gurşawy saklamak boýunça işleriň ylmy esasda alnyp barylmalydygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň barşy, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň hiline we desgalaryň wagtynda tamamlanmagyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigini görkezdi. Ol täze şäheriň önümçilik toplumlarynyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary ekologik ülňülere doly laýyk gelmelidigini, daşky gurşawa zyýanly galyndylary azaltmaga bolsa öňdebaryjy, ylmy esaslandyrylan çözgütler esasynda çemeleşilmelidigini nygtady. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri şäherde bag we gül ösdürip ýetişdirmek işleriniň guralyşyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigini, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň öwrenilmelidigini görkezdi.

Çärä gatnaşan medeniýet işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň adyndan toý sowgatlary gowşuryldy. Soňunda Gahryman Arkadagymyz sungat işgärlerine döredijilik üstünliklerini, çäre gatnaşyjylaryna bolsa zähmet ýeňişlerini arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi